Bilim özgertmeleri ösüşiň binýady
Ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan baş ugurlarynyň biridir. Ýaşlar syýasaty maksatnamalaýyn we toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar». Şu parasatly sözlerden hem görnüşi ýaly, ylym-bilim ulgamyna, ondaky bolup geçýän özgertmelere döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalýar. Ýurduň ertirki ykbalyny ýaş nesil, ýaş nesliň derejesini bolsa bilim ulgamy kesgitleýär. Ýokary ahlak düşünjeli, döwrebap bilimli kämil nesli talabalaýyk terbiýeläp ýetişdirmek biziň öňümizdäki iňňän jogapkärçilikli wezipeleriň biridir. Hünärine ussat nesli terbiýeläp ýetişdirmek, geljegiň durnukly, ygtybarly ösüşini gazanmakdyr hem-de binýadyny berkitmekdir. Kakamyrat TÖRÄÝEW, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň mugallymy.