Mekdep okuwçylarynda Watana bolan söýgini terbiýelemek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep okuwçylarynda Watana bolan söýgini terbiýelemek we ösdürmek mugallymlaryň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşlarynyň, ýazan eserleriniň ýaş nesilde Watana bolan söýgini terbiýelemekde ähmiýeti bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Watana bolan söýgi barada şeýle belleýär: «Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär». Gündogdy ŞADURDYÝEW, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.