Goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýatlyk mekdebi
Hoşmeýilli goňşuçylyk türkmeniň ganynda bar. Halkymyzda ýöne ýere «Ýan goňşym, jan goňşym» diýilmeýär. Grek akyldary Sokratyň: «Dostluk bolmazdan, adamlaryň arasyndaky hiç bir gatnaşygyň gymmaty ýokdur» diýen sözlerinden ugur alsak, «Dostluk, dostanalyk» ýaly gysga sözlerde adamlaryň iň oňat ahlak häsiýetleri, umumy gyzyklanmalary, özara hormat goýmagyň iň gowy däpleri jemlenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen Bitaraplyk hukuk derejämiziň hem düýp özenini düzýär. Dünýä döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagy, halklaryň dostana gatnaşyklarynyň berkemegi ugrunda ýurdumyzda ençeme işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň medeniýet, ylym, bilim diplomatiýasy, ulag diplomatiýasy, ekologiýa diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän şeýle dosluk-doganlyk gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabynyň hem mazmunyny düzýär. Ol mazmun kitapda şeýle ajaýyp jümlelerde beýanyny tapýar: «Dostluk, goňşuçylyk däp-dessurlary eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda aýdyň ähmiýete eýedir» Halkymyzda «Öý alma — goňşy al», «Toý görki bagşy, öý görki goňşy» ýaly goňşuçylyk gatnaşyklaryna bagyşlanan nakyllarymyz bar. Müňýyllyklara uzaýan taryhymyza ser salsak, türkmen halky beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr. Munuň şeýledigine «Hakyda göwheri» kitabyndaky şeýle jümlelerden göz ýetirmek bolýar: «Seljuk hökümdarlary türkmenlere mahsus diplomatiýa arkaly goňşy we alys döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ykdysady, ylmy we medeni taýdan gülläp ösüşe, abadançylyga getirjek döwletiň içki ykdysady özgertmeleriniň ençemesini durmuşa geçiripdirler». Aýlar BAÝRAMOWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.