Manyly we ähmiýetli ýaşaýşyň çelgisi
Adamzadyň taryhynda ýönekeý we aladasyz döwürler bolmaýar. Taryhy ýaşaýyş hemişe çylşyrymlydyr. Her bir döwrüň öz çylşyrymlylygy bar. «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp kitap syýasy realizm baradaky eserdir. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda ýerleşdirilen täsin rowaýat syýasy realistik filosofiýany özünde jemleýär. «Rowaýatlara görä, ýarpy göwresi buzdan, beýleki ýarysy bolsa ýanyp duran otdan ýaradylan bir perişde bar eken. Ýöne ot buzy eretmändir, buz hem ody öçürmändir. Iki sany gapma-garşy tebigylyk bir göwrede jaý tutupdyr. Bu perişdäniň dilinde bolsa: «Perwerdigärim, iki sany gapma-garşy zady — buz bilen ody bir göwrede jemleýşiň ýaly, ýüreklerinde agzybirlik arzuwy bolan ynsanlary hem biri-biri bilen birleşdir, ýaraşdyr» diýen dileg gije-gündiz üznüksiz gaýtalanyp durupdyr». Dünýä çeper edebiýatynda «parabola» adyny alan bu ajaýyp tymsalyň tükeniksiz manylary barada näçe diýseň gürrüň etmek bolar. Mesele diňe bu tymsalyň birkemsiz estetikasynda däl, eýsem, syýasy realizmindedir. Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýä syýasatyndaky meselelerden iň realistik we oňyn çykalgadyr. Bu günki gün türkmen Bitaraplygy täze bir syýasy filosofiýa, halklar hem-de milletler üçin oňyn manyly we ähmiýetli täze ýaşaýyş filosofiýasydyr. Bu derwaýys syýasy ýörelge, syýasy filosofiýa we ýaşaýyş filosofiýasy döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynda bütin çuňňurlygy bilen beýan edilipdir. Amannepes ŞYHNEPESOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri.