Türkmen talyplary — halkara baýraklaryň eýeleri
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň birnäçesi golaýda Gazagystanda hem-de Russiýada geçirilen halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde ýokary netije görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Astanada Gazagystanyň «Bilim-orkenieti» ylmy-barlag merkezi bilen «Žana Kazakhstan» respublikan innowasion merkeziniň bilelikde guramagynda ýaş innowatorlaryň arasynda halkara bäsleşikler geçirildi. Oňa gazagystanly talyplar bilen birlikde, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Eminler topary talyplaryň ylym, döredijilik, sungat hem-de jemgyýetçilik başlangyçlary boýunça ukyp-başarnyklaryna, häzirki wagtda alyp barýan ylmy-döredijilik işlerine, gazanan üstünliklerine baha berdiler. (Ýörite habarçymyz).