Çagalaryň gülküsi — dünýäniň bagty
Bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda nurana arzuwlar hasyl bolýar. Çünki çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda we sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde çagalar üçin guralan baýramçylyk dabaralary bu ýörelgeleriň häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýän aýdyň hakykatdyr. «Nesil».