Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir
Şöhratly wakalar, şanly ýeňişler bilen iň täze taryhymyzdan möhüm orun alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzda ähli ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Şunda türkmen ýaşlary halkara derejeli olimpiadalarda, ders bäsleşiklerinde ýokary netijelere eýe boldular. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde şanly ýylymyzyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de olary halkara bäsleşiklerine taýýarlan mugallymlaryň sylaglanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyrylýar. Şoňa görä-de, milli bilimiň derejesi we hili yzygiderli ýokarlanýar. Döwlet baýdagymyzy dünýä giňişliginde belentde parladýan ýaşlary döwlet derejesinde sylaglamak bolsa asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bilimde we sportda tapawutlanan ildeşlerimiziň sylaglanylmagy taryhy wakalaryň ähmiýetini artdyrdy. Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW, «Nesil».