Ýaş nesiller — röwşen geljegimiz
Täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere örän ýokary ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi ýaşlaryň ýurdumyzyň egsilmez güýç-kuwwatydygyny, abraý-mertebesidigini, nurana geljegidigini aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan kämil durmuş ýörelgelerini, zähmetsöýerligini ykbalynyň bezegine öwren bilimli, ylymly, hünärli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň naýbaşy ugurlarynyň biridir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem şeýle buýsançly hakykaty tassyklaýan wakalara baý boldy. Elbetde, ol taryhy pursatlaryň diňe käbirine nazar aýlamagyň özi hem ýaşlara bildirilýän beýik ynama, olaryň geljegi babatda edilýän ählumumy tagallalara doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.