Bilim, ylym we tehnologiýalar — türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garamagy we bu ugurda yzygiderli tagalla etmegi netijesinde, ylym-bilimi, tehnologiýalary, şunda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde giň mümkinçilikler açyldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen netijeli duşuşyklar munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Onuň dowamynda ýurtlaryň arasynda gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer. Hemişelik Bitarap Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda üstünlikli ösdürýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat döredildi. Ýaponiýa biziň üçin öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, ykdysady we ekologiýa strategiýasyny ösdürmekde görelde bolup durýar. Ýaponiýanyň ylymda, senagatda gazanan üstünlikleri, dolandyryş ulgamynda toplan özboluşly tejribesi Türkmenistan üçin örän möhümdir. Ýurdumyzda innowasion senagaty kämilleşdirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berilýär. Hojamyrat IŞANKULYÝEW, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylym bölüminiň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty. Çeşmesi: Türmenmetbugat