Kitap — bilimleriň çeşmesi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeni we ruhy baýlygymyza uly üns berilýär. Ruhy baýlygyň iň ygtybarly çesmesi hasaplanýan kitaba bolan türkmeniň söýgüsi öz köklerini has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Baryp biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl mundan owal 25 harpdan ybarat oguz-türkmen hat-ýazuwynyň bolandygy barada taryhçy alymlar ylmy subutnamalar bilen habar berýärler. Olaryň taryhy çeşmelere esaslanan maglumatlaryna görä, ol tagmalarynyň esasynda dörän we dünýäde iň gadymy hat ýazuw elipbiýidir. Irki döwürden başlap oguz türkmenleriniň özüniň we şonuň bilen birlikde umumadamzat medeniýetini ösdürmäge, baýlaşdyrmaga ümzüginiň ileri bolandygy guwanarly ýagdaýdyr. Şu maglumatlardan çen tutsaň, dünýäde iň gadymy halklaryň biri hökmünde, türkmenler özüniň bütin ömrüniň dowamynda emele gelen we kalbynda sünnäläp amal eden bu hakykatynyň-da, kitaba bolan yhlasynyň-da onuň ganyna, häsiýetine, edim-gylymyna siňendigine şu getiren maglumatymyz şaýatlyk edýän bolsa gerek. Şondan şu güne çenli halkymyzyň ençeme gezek hat-ýazuw özgerişlikleri başdan geçirendigini we dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyrandygyny taryhçylar adalatly belleýärler. Şular barada gürrüň edilende, hat-ýazuwyň bolan ýerinde kitap we kitap hazynalarynyň döreýändigine göz ýetirýärsiň. Kitabyň gymmatyna aşa gadyr goýýan halkymyzyň geçmişdäki ýaşap geçen asyr-eýýamlaryna nazar aýlanyňda, olaryň taryhyň dürli döwürlerinde dünýä beren alym-ulamalarynyň ýazyp, ýadygärlik galdyran hat-ýazuwlaryna, hususan-da, kitaplaryna, ol ýerdäki berlen maglumatlara haýran galýarsyň. Şona görä-de, türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji merkezde ähmiýetli başlangyçlaryň gözbaşynda okamagyň, öwrenmegiň, bilim almagyň ähmiýetine düşünip, kitaba uly hormat goýupdyrlar. Kerim MYRADOW, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň hünärmeni, maýor. Çeşmesi: Türmenmetbugat