Beýik işler bilime daýanýar
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly ýylyň dowamynda Garaşsyz ýurdumyzyň milli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçylar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly maglumat, aň-bilim işi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgelerine, durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ornuna bagyşlanan maglumatlary taýýarlamakda we çap etmekde, bilim maksatly çäreleri, ýagny okuw sapaklaryny, interaktiw okuw maslahatlaryny guramakda, parahatçylygyň, ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmekde hem-de bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmakda, mekdeplerde parahatçylyk, ynanyşmak baradaky açyk sapaklary geçmekde nusgalyk işler alnyp baryldy. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan orta mekdepler, çagalar baglary öz gapylaryny giňden açdy. Arslan ÝABANOW, Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdebiň müdiri.Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly ýylyň dowamynda Garaşsyz ýurdumyzyň milli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçylar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly maglumat, aň-bilim işi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgelerine, durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ornuna bagyşlanan maglumatlary taýýarlamakda we çap etmekde, bilim maksatly çäreleri, ýagny okuw sapaklaryny, interaktiw okuw maslahatlaryny guramakda, parahatçylygyň, ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmekde hem-de bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmakda, mekdeplerde parahatçylyk, ynanyşmak baradaky açyk sapaklary geçmekde nusgalyk işler alnyp baryldy. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan orta mekdepler, çagalar baglary öz gapylaryny giňden açdy. Arslan ÝABANOW, Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdebiň müdiri. Çeşmesi: Türmenmetbugat