Bitaraplyk — parahatlyk şamçyragy
Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen Bitaraplygynyň çuňňur filosofiýasyny dünýä ýaýýar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň birnäçe kitaplarynda, taryhy çykyşlarynda, BMG-niň belent münberinden öňe süren halkara başlangyçlarynda türkmen Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklarda tutýan ornuny we parahatçylyk dörediji kuwwatyny subut etdi. «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň aýdyň ýüze çykýan syýasy-diplomatik hem-de has giň jähetlerdäki amaly ugurlary bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň öňüsyrasynda okyjylara hödürlenen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda hemmetaraplaýyn beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda, kitabyň girişinde nygtalyşy ýaly: «Bu eser diňe bir taryhy hakykatlaryň ýygyndysy däl-de, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýän milli filosofiýanyň giňişleýin beýanydyr». Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň bilim ministri. Çeşmesi: Türmenmetbugat