Nusgalyk kitap — dünýä dillerinde
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä halklary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Şeýle gatnaşyklaryň esasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Dost-doganlyk gatnaşyklarynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary hem bellenmäge mynasypdyr. Iki halkyň diliniň we medeniýetiniň meňzeşligi buýsandyryjydyr. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi. Munuň özi nusgalyk kitabyň ähmiýetiniň ýokarydygyny, doganlyk halklaryň uly gyzyklanmasyna öwrülendigini beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky uly orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde türkmen topragynda ýaşap, yklymlaryň ösüşine goşant goşan meşhur serkerdeler, soltanlardyr akyldarlar barada beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan, halkymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bu ajaýyp kitabyň ähmiýeti uludyr. Jeren MURADOWA, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.