Parahatçylygyň belent waspy
Türkmen halky şanly toýy — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen belledi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy halkara derejä eýe boldy. Şeýle toýly günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny ýüzümize syldyk. Bu ajaýyp kitap biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby halkymyzda uly buýsanç döretdi. Täze kitabyň sahypalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti taryhy taýdan, çuňňur ylmy garaýyşlar bilen beýan edilýär. Munuň özi türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýäde giňden dabaralanýandygyny beýan edýär. Merjen MÖWLAMOWA, Aşgabat şäherindäki 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri.