Köňül buýsanjy
Parahatçylyk — abadan ýaşaýyş, şu günki we geljekki nesilleriň ygtybarly goragy, gülläp ösüşleriň binýady. Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti barha artýar. Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan parahatçylykly hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatyň esasy ýörelgelerini umumadamzat bähbitli strategik binýada öwürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu hakykaty 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi hem tassyklaýar. Her ýylyň 12-nji dekabrynyň bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi parahatçylyk dörediji ýörelgelerimize berlen ýokary bahadyr. Toýlarymyzyň toýlara ulaşýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny ýüzümize syldyk. Bu ajaýyp kitap ähli ildeşlerimizde buýsanç döredip, toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Berdimyrat ORAZOW, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.