Başlangyç synplarda sapaklary guramak
Orta mekdeplerde okuw maksatnamalary esasynda sapaklaryň guramaçylykly, täsirli guralmagyna uly üns berilýär. Sapaklarda bilimiň döwrebap ugurlary, okuwçylaryň dünýägaraýşyny ösdürýän temalar geçilýär. Matematiki düşünjeleri öwretmek boýunça başlangyç synplarda özleşdirilýän temalar möhüm bolup durýar. Matematiki düşünjeleri, hasaplamagy öwretmek arkaly okuwçynyň ýatkeşligini, pikirlenişini, ünsüni, göz öňüne getirmek ukybyny ösdürmek bolýar. Başlangyç synplarda çagalara matematiki düşünjeleri öwretmegiň esasy ýoly sapagy täsirli guramakdyr, öwretmegiň döwrebap usullaryndan peýdalanmakdyr. Şunda okuw kitaby we multimedia enjamlary işjeň ulanylýar. Ýörite slaýd şekilleri taýýarlanylýar hem-de sapakda dürli hasaplamalar, mysallar işlenilýär. Munuň özi çagalaryň dünýägaraýşynyň ösmegini, matematikada hasaplamak endiginiň kemala gelmegini üpjün edýär. Göwher NURYÝEWA, Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.