Okuwçylara labyzly okamagy öwretmek
Okuwçylaryň sapaga, öwrenilýän täze okuw maglumatlaryna has-da içgin düşünmeklerini gazanmak üçin, mugallym olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmalydyr. Şeýle hem okuwçylar sapagyň dowamynda tema degişli dürli ýumuşlar bilen meşgul bolmalydyr. Başlangyç synplarda okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin, ilki bilen, mugallymyň özi döredijilikli işlemelidir. Şunda dürli suratlar bilen bezelen çagalar üçin goşgulary multimedia tagtasynda ýerleşdirmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Çünki başlangyç synpda okaýan okuwçylar suratlaryň üsti bilen goşgynyň many-mazmunyna oňat düşünýärler, okamaga höwes döreýär. Orta mekdebiň 2-nji synpynda ene dili sapagy geçilende okuwçylara labyzly okamak, goşgulary ýat tutmak öwredilýär. Ene dilinde ýeňil, düşnükli sözlemler okadylýar. Şunda multimedia tagtasy hem-de okuw kitaby örän möhümdir. Multimedia tagtasynda ýerleşdirilen goşgyny çagalar bilen bilelikde okaýarys: Tyllagözel PIRIMOWA, Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 40-njy orta mekdebiň mugallymy.