Ylym-bilim — ösüşleriň gözbaşy
Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym-bilimiň orny uludyr. Çünki ähli ösüşler ylym-bilimiň iň täze gazananlary, döwrebap tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ylmyň gazananlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ösüşiň berk binýady hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işi kämil derejede ýola goýulýar. Ylymdyr bilimiň döwrebap ösdürilmegi Türkmenistan döwletimiziň uzak geljeginiň şöhratly döwrüne ak ýol açýar. Merdana ata-babalarymyz bilimli iliň ozjakdygy hakynda ençeme gyzyldan gymmatly pähimleri döredipdirler. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okan il ozar» diýlişi ýaly, ençeme nakyllaryň döremegine taryhy döwürleriň durmuş hadysalarynyň sebäp bolandygy hemmämize mälimdir. Aslyýetinde-de, ynsanyň kuwwaty ylym bilen ölçelýär. Türkmeniň keramatly topragy taryhyň dürli döwürlerinde hem ylmyň pajarlap ösen zamanlaryny ýaşaýşa ençeme gezek peşgeş edip, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine öçmejek ýazgy galdyran mekan. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Bu ajaýyp kitaplarda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, alymlary, akyldarlary hakynda gymmatly maglumatlar jemlenendir. Sähragözel MÜRZÄÝEWA, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.