Medeniýetiň taryhy hakynda täsirli okuw
Berkarar Watanymyzda ylmyň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini işjeň paýlaşmak başlangyçlary giňden ýaýbaňlanýar. Halkara hyzmatdaşlykda medeni diplomatiýa hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň esasynda medeniýeti öwreniş ugry boýunça bilim hyzmatdaşlygynyň täze sahypalary halkara tejribeler, medeni mirasa bagyşlanan döwrebap okuwlar bilen baýlaşdyrylýar. Ýakynda institutymyzda Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň hünärmeni, «Gulpediýa» bileleşiginiň esaslandyryjysy Tokunaga Ýuki «Ýapon senetçiliginiň taryhy» atly okuw sapagyny geçirdi. Medeniýeti öwreniji bilermen däp bolan senetçilik, medeni alyş-çalyş we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ylmy-barlaglary, okuw sapaklary öwretmegiň başlangyçlary bilen tanalýar. Ol dünýäniň dürli yklymlarynda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeniýetiň orny barada okuw sapaklaryny guraýar, medeni taslamalary taýýarlaýar. Esasan-da, ýaş nesliň arasynda ýapon senetçiliginiň mysalynda ýitip barýan nusgalary dikeltmäge bagyşlanan okuwlary köpçülikleýin seslenmelere mynasyp bolýar. Sähragül JANMÄMMEDOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylym bölüminiň başlygy.