Halklary jebisleşdirýän gymmatlyk
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy dünýäde giňden dabaralandyrylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy ähmiýetli wajyp hem buýsançly wakalaryň şaýady bolýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan diline terjime edilip, çapdan çykmagy hem Täze ýylyň öňüsyrasynda şeýle ajaýyp, buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda-da buýsançly söhbetler edildi. Munuň özi ruhy bitewüligiň, taryhy hakydanyň sarpalanýandygynyň we medeni diplomatiýanyň, doganlyk halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň kitap ýaly kalplary ýakynlaşdyryjy mukaddes gymmatlyklaryň üsti bilen has-da dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ýurdumyzda we tutuş dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň ahyrynda bolmagynda, şeýle hem eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň dabaralary bilen utgaşmagynda çuňňur many-mazmun bar. Parahatçylyk we ynanyşmak biziň Bitaraplygymyzyň, daşary syýasatymyzyň özenidir. Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň dürdäne eserleri bolsa şol beýik ýörelgeleriň, halklary birek-birege has ýakynlaşdyrýan dostluk köprüleriniň ruhy binýadydyr. Gülşat ÝUSUPOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.