Şanly ýyldan Şa serpaýy
Amangeldi ORAZOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, Hormatly il ýaşulusy — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden bellenilmegi halkymyzyň agzybirliginiň we döwletimiziň belent halkara abraýynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Taryh üçin 30 ýyl uzak möhlet bolmasa-da, ol ýurdumyz üçin asyrlara barabar ösüşleriň, parahatçylygyň, abadançylygyň gülleýän döwri boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu diňe bir halkara hukuk derejesi bolman, eýsem, halkymyzyň gadymyýetden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Ynha, şanly sene mynasybetli, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagym meni hem mundan beýläk-de has jogapkärçilikli, önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän ägirt uly gurluşyk maksatnamalary Watanymyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerdýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat özüniň gaýtalanmajak binagärlik çözgütleri bilen dünýäni haýran galdyrmagyny dowam edýär. Aýratyn bellemeli üstünlikleriň biri hem Köpetdagyň eteginde binýat bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ösüşleridir. Institutymyzyň ussat mugallymlarydyr talyplary tarapyndan taýýarlanylan taslamalar Gahryman Arkadagymyzyň goldamagy netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys. «TÜRKMENISTAN» Surata düşürenler Ahmet TAŇRYGULYÝEW, Annanur REJEBOW, Meretdurdy ROZYÝEW, Baýramberdi GELDIMYRADOW. Çeşmesi: Türmenmetbugat