Röwşen geljegiň çyragy
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak ýokary derejä eýedir. Bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamynyň üpjün edilmegi, elektron bilimiň serişdeleriniň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter, multimedia tehnologiýalarynyň, internet torlarynyň oturdylmagy ýaşlara sanly ulgam arkaly bilim berilmegine döredilýän mümkinçiliklerdir. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän aýdyň görkezijilerdir. Tirkiş REJEPOW, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.