Bilim özgertmeleri — üstünligiň binýady
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp ösdürýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, täze binalar, şäherler, önümçilik desgalary gurulýar. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgerişleriň gözbaşynda halkymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirleri bardyr. Bu gün, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilime döwlet derejesinde berilýän ünsüň uludygy hemmämize mälimdir. Ýurtda bu ulgamy düýpli ösdürmek meselesiniň öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan alyp gaýdýandygy bizi diýseň guwandyrýar. Bilimi düýpli ösdürmek işinde ýurtda bimöçber işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakyndaky aladasynyň netijesinde gurulýan çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň iň döwrebap mümkinçiliklere eýedigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu gün ýaşlarymyz döwrebap bilim alyp, dürli hünärleriň eýesi bolýarlar. Mahlasy, bilim we hünär almak üçin ähli şertler döredilendir. Gülzira NARBAÝEWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.