Jemgyýetde zenanlaryň orny
Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek we bu ugurda halkara guramalary bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek işleri rowaçlanýar. Bu babatda şu ýylyň 9-10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň ähmiýetini hem bellemek gerek. Halkara maslahat ýurdumyzyň adamzat bähbitleri ugrunda ädýän oňyn ädimleriniň biri bolar. Türkmenistanda halk bähbitli alnyp barylýan işler ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredileni bäri dürli ýurtlarda heläkçilik zerarly ejir çeken çagalara kömek bermek bilen bir hatarda, ýurdumyzda köp sanly çagalara bejergileri geçirdi. Gazna diňe çaganyň saglygy däl, eýsem, eneleriň hem bagta gowuşmagyna şaýat bolýar. Şol sanda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şeýle hem ýurdumyzda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär we onuň çäklerinde çaganyň bähbitleri babatda döwlet syýasaty alnyp barylýar. Ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan kämil şahsyýet edip ýetişdirmek, aýratyn goldawa mätäç çagalara hemaýat bermek ugrunda işleriň has-da ýokarlandyrylmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ýokary derejede hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljekki ugurlarynyň biri bolar. Bagtygül HOJAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.