Kämilligiň nusgalyk mekdebi
Milli bilim ulgamyny ösdürmek, ony has-da özgertmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri ýaş nesle berilýän bilimiň döwrebap mümkinçiliklerini üpjün edýär. Ylym-bilim adamzat durmuşynda uly orny eýeleýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde gurulýan ajaýyp okuw-terbiýeçilik edaralarynyň, bilim ojaklarynyň ählisi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Okamak, öwrenmek, halal zähmet çekmek, kämil bolmak döwrümiziň asylly ýörelgesidir, watançylyk terbiýesidir. Milli bilimiň innowasiýalar esasynda ösdürilmegi hem örän möhüm meseleleriň biridir. Ylym ulgamynda düýpli hem täze özgertmeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrýar. Bu meselede ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys wezipelerinden ugur alynýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň iň täze ugurlaryna üns berilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde halypa professor-mugallymlaryň iş tejribeleri öwrenilip, halypa-şägirtlik ýörelgeleri ösdürilýär. Aýjemal ALAŞAÝEWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.