Türkmen obasynda bitaraplyk ýalkymy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejeli üstünlikleri bilen badalga alyp, ýylboýy bedew batly ösüşlere beslendi. Halkara Bitaraplyk gününe, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimiziň taryhy wakalary Bitaraplyk ýalkymynyň türkmen obalaryny, umuman, oba hojalyk toplumyny hem Gün kibi çoýýandygyna şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan azyk bolçulygynyň binýady bolan oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, degişli ugurda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işe girizilmegi, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, 2-nji dekabrda bolsa Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, oba hojalyk toplumyndaky ylmy barlaglar bilen ýerinde tanyşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Allaberdi GAPUROW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.