Parahatlyk dilegi
Şeýle şygyrlar bolýar. Olary näçe okasaň-da, diňleseň-de, ýadamaýaň. Gaýta, her gezek okanyňda ruhuň saplanýar, akylyň durlanýar. Bu şygyrlar halkyň ýürek töründe hem baky orun alýar. Kerim Gurbannepesowyň «Aktual poema ýa-da goşgular çemeni» atly eseri hem şolaryň hatarynda. Adyna mynasyp bu goşgular çemeni häzir hem öz aktuallygyny, ähmiýetini ýitirenok. Esasan hem, salam hakdaky goşgusy. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde ýaş nesilleri dogry terbiýelemek bilen bagly meseleleriň ör-boýuna galýan döwründe bu şygryň ähmiýeti has hem artýar. Paýhasy goýazy halkymyz edebiň başyny salam hasaplaýar. Ussat bu şygrynda: «Salam!» diýmek — parahatlyk dilemek, // Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman» diýip, jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, «essalawmaleýkim» sözüniň manysy arap dilinden terjime edilende, «men size parahatlyk dileýärin!», «men size salamatlyk isleýärin!» diýen manyny aňladýar. Kiçiligimizden öýümize myhman gelende ata-enelerimiziň: «Oglum, bar daýyňa salam ber!» diýen öwüt-ündewleriniň özeninde ýa-da bir ýere sowlup geçjek bolsagam: «Bir salamlaşyp geçeýin» diýmegimiziň düýp manysynda hem birek-birege parahatlyk, abadançylyk, salamatlyk dilemek bar. Bir-biregi her görenimizde dilimize gelýän ilkinji sözüň şeýle çuň manysy barada bir pursatlyk oýlanyp gördüňizmi?! Yhlas HALLYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.