Röwşen ykbally nesiller
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaş nesilleriň buýsanjyny goşalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Munuň özi türkmen ýaşlaryna bildirilýän ynamyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Tagandurdy TAGANDURDYÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň başlygy.