Matematika sapagyny täsirli guramak
Häzirki wagtda orta mekdepleriň enjamlaýyn binýadyny berkitmek, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, interaktiw usullardan peýdalanmak, multimedia enjamlaryny ulanmak, sanly bilim ulgamyna geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. 6-njy synpda matematika sapaklarynda göterime degişli temada tehniki serişdeleriň we multimedia tagtasynyň kömegi bilen slaýd şekillerini taýýarlaýarys. Munuň üçin «Power Point» programmanyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanýarys. Ilki bilen, okuwçylara manadyň ýüzden bir bölegine teňňe, metriň ýüzden bir bölegine santimetr, gektaryň ýüzden bir bölegine ar diýilýändigini düşündirýäris, ýagny 1 teňňe manadyň bir göterimi, 1 sm metriň bir göterimi, 1 ar gektaryň bir göterimi, 0,02 san 2-niň bir göterimidigini multimedia tagtasynda slaýd şekillerinde görkezýäris. Diýmek, ýüzden bir bölege «göterim» diýilýändigini şeýle mysallar bilen okuwçylara düşündirýäris. Gysgalyk üçin sanyň yzyndaky «göterim» sözüni % belgileme bilen çalşyrýarlar. «Ýygnanyşyga biziň mekdebimiziň 6-njy synp okuwçylarynyň 1,5 %-ini iberdiler» diýen sözlemi «Ýygnanyşyga biziň mekdebimiziň 6-njy synp okuwçylarynyň bir ýarym göterimini iberdiler» diýip, okalýandygyny aýdýarys. Ýunus SAPARALYÝEW, Magtymguly etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.