Belent üstünligiň gözbaşy
Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlary ylym-bilim dünýäsinde üstünliklere höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, hünär endiklerini artdyrmak, ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Watanymyz ähli ulgamlarda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Ýurdumyz bu ugurda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli işleri alyp barýar. Ýokary okuw mekdeplerimiziň daşary ýurtlaryň ylym-bilim ojaklary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaklary hem muňa anyk mysaldyr. Gylyçnyýaz HÜMMEDOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.