Bilim — döwrebap özgertmeleriň berk binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar» diýen sözleri bilim işini ylmy esasda dowamly kämilleşdirmegiň zerurdygyny, ýaşlary sazlaşykly ösen şahsyýetler edip kemala getirmekde milli mirasymyzyň we medeniýetimiziň ähmiýetli ornuny kesgitleýär. Şoňa görä-de, ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň we gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli tejribelere eýerilip, dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanylyp, ýaşlaryň kämil bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, döwrebap innowasiýalardan ýokary derejede baş çykaryp bilýän, päk ahlakly, hakyky watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelmegi, şeýle hem pedagogik hünärmenleriň döredijilik başarnyklarynyň we ussatlyklarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Şundan ugur alnyp, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde «Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, ýaş alymlar gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Mugallymçylyk mekdebiniň çeper döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Talyplarymyzyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda ata Watanymyzyň beýik ösüşleri, parahatçylygyň we dostlugyň waspy öz aýdyň beýanyny tapdy. Maral ANNAGULYÝEWA, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.