Ylym — gymmatly hazyna
Dünýäde ähmiýeti barha artýan bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň peýdalanylmagy, mümkinçilikleriň ulanylmagy, ylmyň ösdürilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Ylym-bilim her bir ynsan, halk, döwlet üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ylym ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Ylmy ösdürmekde häzirki zaman dünýä tejribeleriniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler bilim ulgamyna halkara standartlaryň ornaşdyrylmagyna, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösýän talaplardan ugur alyp, bilim, ylmy usulyýetler, okuw meýilnamalary, maksatnamalary döwrebap kämilleşdirilýär. Interaktiw we uzak aralykdan okatmagyň mümkinçilikleri giňelýär Meretguly ÝAÝLYMOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.