Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi. «Hemişelik Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly döredijilik bäsleşigine talyp ýaşlar özleriniň publisistik makalalary bilen gatnaşyp, döredijilik zehinlerini görkezdiler. Golaýda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriň talyplary, mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.