Durnukly ösüşde halkara tejribe
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Ýokary okuw mekdebiniň guramagynda işjeň ýagdaýda geçirilen maslahatyň gün tertibine ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ylmy-amaly maslahatyň işine halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylym-bilim merkezleriniň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Umumy mejlisdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ykdysady ösüşi pugtalandyrmak Türkmenistanyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiň üpjün edilmegine, sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär. Şeýle hem maslahatyň umumy mejlisinde işewürligiň, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň maýa goýum strategiýasynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna getirýändigi bellenildi. Munuň özi durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegini, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga başlangyçly, döredijilikli çemeleşmek bilen, ählumumy tagallalara möhüm goşant goşýar. Çykyş edenler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri kabul etmekde dünýä döwletlerinde ileri tutulýan ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny nygtadylar. Mährijemal HAPYZOWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.