Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
Diplomatik iş nazaryýet bilimlerinden başga-da, uly tejribäni, ýörite endikleri, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Şunda halkara tejribä möhüm orun degişli bolup, halkaraçy hünärmenleriň amaly taýdan hem bilimleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň uzak möhletleýin geljegini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderliligini üpjün etmek barada alada edip, doly derejeli halkara diplomatik mekdebi emele getirmek maksady bilen, Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary okuw mekdebi biziň daşary syýasat gullugymyz üçin hünärmenleri taýýarlamakda esasy merkez bolup durýar» diýip belleýär. Halkara tejribäniň kämilligiňi artdyrmakdaky ähmiýetine ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda şu ýylyň sentýabr ― noýabr aýlarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçip gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen söhbetdeş bolanymyzda has-da aýdyň göz ýetirdik. Biz hem olaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».