Parahatçylygy döretmek sungaty — döwrümiziň gymmaty
Aýlar aýlanyp, ýyllar geçse-de, heňňamlar özgerip, döwürler çalyşsa-da, dünýäde gadyr-gymmatyny ýitirmeýän ýeke-täk düşünje bar. Elbetde, ol parahatçylykdyr. Çünki parahatçylygyň bar ýerinde gülläp-ösüş, bagtyýar durmuş, asuda ýaşaýyş höküm sürýär. Häzirki wagtda dünýädäki bolup geçýän çylşyrymly, gapma-garşylykly wakalara, ýagdaýlara ser salanyňda, bu düşünjäniň beýikligine, gymmatyna aňryýany bilen düşünmek bolýar. Hut şonuň üçinem parahatçylygy bütin dünýäde dabaralandyrmak, asuda durmuş ugrunda tagalla etmek eziz Diýarymyzyň öňe sürýän daşary syýasatynyň baş ugry bolmagynda galýar. Şu jähetden, parahatçylygy döretmek sungat derejesine göterilip, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-populýar, çeper-filosofik eserlerinde çuňňur many-mazmuna eýlenip, ussatlyk bilen beýan edilýär. «PARAHATÇYLYK DURKY BILEN DURMUŞYŇ SAZLAŞYGYDYR» Nury SAKÇYÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, «Nesil».