Döwrebap bilimiň milli we innowasion esaslary
Bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşi bilim berlişiniň hili, ylmy gözlegleriň netijeliligi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, ýakynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen «Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahat döwletimizde bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesilleri kämil bilimli we terbiýeli edip ýetişdirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, ýaş alymlar gatnaşdylar. Kakajan ÇARYÝAROW, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.