Belent sepgitleriň beýany
Her bir güni beýik işler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler hem barha rowaçlanýar. Çünki ilatyň saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, baý milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýetini çuňňur öwrenmäge, gadymy halk lukmançylygynyň däpleriniň dünýäde ykrar edilmegine örän uly ähmiýet berip, bu ugurda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Şu jähetden, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiň nobatdaky jildinde şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilse, «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitapda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda gazanylan üstünliklerden söz açylýar. Rejep EZIZGELDIÝEW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.