Paryzdepe — geçmişiň şöhratly ýadygärligi
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamaklyga aýratyn üns berilýär. Çünki halk nakyllarynda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýilýär. Şunuň bilen baglylykda, 21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala kerwensaraýynda degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berildi. Munuň özi halkymyzyň şöhratly geçmişini çuňňur öwrenmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Rejep JOMMYÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri, arheolog.