Ählumumy abadançylygyň bähbidine
Türkmenistan halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgelerini işjeň ilerledýär Dünýä syýasatyna syn berlende, ilkinji nobatda, geosyýasy ýagdaýlara, strategik meýillere, döwletara gatnaşyklara, şeýle hem taryhy jähetlere seljeriş berilýär. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygy üç gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz dünýäniň geosyýasy we geoykdysady giňişliginde belent abraýa eýedir. Ata Watanymyz syýasy ölçegleriň, hususan-da, hoşniýetli diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanyp, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň, şeýle hem türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Atamyrat ÝAZWELIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».