Bitaraplyk — bagtymyz
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen beýik gymmatlykdyr. Bu gymmatlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähmiýeti barha artýar. Häzirki döwürde ençeme döwletler bu topara agza bolýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dünýä derejesinde has-da dabaralanýan ýylydyr. Sebäbi bu şanly sene BMG-niň 80 ýyllygyna gabat gelýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan içeri hem daşary syýasaty ähli ugurlarda giň gerim bilen dabaralanýar. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, syýahatçylykda hem netijeli işleriň alnyp barylmagy oňyn tejribeleri toplamaga ýardam berýär. Sähragözel MÜRZÄÝEWA, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň direktory.