Ynama ygrarly nesiller
Täze taryhy döwrümizde türkmen ýaşlaryna eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde uly ynam bildirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Bu baýraga meniň hem mynasyp bolmagym durmuşymyň ýatdan çykmajak wakasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin» diýýän bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip nygtamagy biz — ýaş nesillere bildirilýän uly ynamyň beýanydyr. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň durmuş tejribelerine esaslanyp berýän öwüt-ündewleri biziň üçin nusgalyk ýörelgedir. Sapar ŞAÝYMOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy. Çeşmesi: Türmenmetbugat