Zehinli talyplaryň bäsleşigi
Golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýäniň 60 sany ýokary okuw mekdebinden, has takygy Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyz, Özbegistan, Azerbaýjan, Madagaskar, Wenesuela Respublikalaryndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan we Pakistandan jemi 211 talyp gatnaşdy. Açyk halkara internet olimpiadasy ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynda ýeten sepgitlerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary, maliýe çemeleşmeleri babatdaky tejribelerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu olimpiada milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga we çylşyrymly maliýe meselelerini özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam etdi. Mährijemal HAPYZOWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy. Çeşmesi: Türmenmetbugat