Energetikada emeli aňyň mümkinçilikleri
Energetika pudagy milli ykdysadyýetimizde möhüm ugurlaryň biridir. Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlaryndan ybarat wekiliýetiň Malaýziýa amala aşyran iş sapary hem bu pudagy durnukly ösdürmekde tejribe alyşmak, dostlukly ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tenaga milli uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Malaýziýanyň milli uniwersitetiniň işewürlik mekdebi tarapyndan guralan «IEBMC 2025» halkara maslahaty emeli aňyň energetika pudagynyň durnukly ösüşine we bu ugurdaky işewürlik tejribesine täsirini öwrenmekde özboluşly meýdança öwrüldi. Bu maslahat «Emeli aňa esaslanýan durnukly ösüş strategiýalary: innowasiýalary ählumumy maksatlar bilen sazlaşdyrmak» atly mowzuga bagyşlandy. Onuň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň oňyn täsirini öwrenmek bilen bagly meseleler öňdebaryjy alymlar, bilermenler hem-de pudagyň hünärmenleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Orazmyrat MÄMMETNUROW. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty. Çeşmesi: Türkmenmetbugat