Halkara bäsleşigiň ýeňijisi
Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Zyýada Ýusubowa «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy we türki döwletleriň ýaşlar syýasatynyň ösüşine goşan goşandy üçin I derejeli diplom, «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan, Kubok we şahadatnama bilen sylaglanyldy. Bäsleşigi Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi «Žana Kazakstan» innowasiýa merkezi bilen bilelikde gurady. Halkara bäsleşige türki döwletleriň zehinli talyp ýaşlary gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylaryň talyplyk döwründe okuwda, ylymda, sungatda, sportda we beýleki ugurlarda gazanan üstünliklerine baha berildi. (Ýörite habarçymyz). Çeşmesi: Türkmenmetbugat