Halkara bilim ulgamyna goşulyşmak ugrunda
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hasaplanýan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Bu babatda bilim edaralary döwrebaplaşdyrylyp, olarda ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň döwrebap usullary we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi hususy işewürligi ösdürmek, ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň giň gerimde alnyp barylýandygyny alamatlandyrdy. Bu bilim ojagy ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, telekeçilik ulgamyna goldaw bermekde uly ähmiýete eýedir. Ýokary bilimiň hususylaşdyrylmagy bilim edarasynda okuw, ylmy-önümçilik işini dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanyp özbaşdak guramakda, okuw maksatnamalaryny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde nobatdaky ädim boldy. Jumageldi SALAMOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy. Çeşmesi: Türkmenmetbugat