Köňül kelamy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlara baý ýyl boldy. Ajaýyp zamanamyzda halal, ýadawsyz çeken zähmetiňe ýokary baha berilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilen dabarada Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Muňa meniň begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Ýaşlar baýragy — ýaşlygyň uly serpaýy, ýaşlaryň toýy. Her ýyl bolşy ýaly, ýurdumyzda zehinli, Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlaryň ençemesine bu baýragyň gowşurylmagy ýaş nesilleriň döredijilik başlangyçlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyny görkezýär.