Bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşlerden-ösüşlere, öňegidişliklere beslenýär. Ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan has kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýokary, ýörite we orta okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, halkymyza hyzmat etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösýär, özgerýär. Ösen döwletlerde bolsa, ylym-bilim ulgamy esasy orun tutýar. Täze tehnologiýalara erk edip, olardan baş çykarýan ýaşlaryň ösüşlere uly goşant goşmagy buýsandyryjydyr. Hoşniýetlilik we ynsanperwerligiň ruhy siňen milli däp-dessurlarymyzyň gaýtadan dikeldilmegi ösüp gelýän ýaş neslimizi milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýär. Nesil terbiýesinde bolsa, millilik esasy orun eýeleýär. Türkmen edebiýatyna nazar aýlanymyzda muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Nusgawy edebiýatymyzda milli gymmatlyklar, nesil terbiýesi esasy orunda goýlupdyr. Watansöýüjilik, mertlik, il-gün hakyndaky goşgular, öwüt-ündewler munuň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde hem ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Bu babatda bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny gollanma edinýärler. Nusgalyk kitaplardaky parasatly sözler, milli ýörelgeler biziň her birimiz üçin aýdyň ýoldur. Gülendam GYLYÇLYÝEWA, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.