Hünär bilimi
«DILLER DÜNÝÄSI» dil merkezi
Türkmenistanyň bilim ministrliginiň «Diller dünýäsi» dil merkezi Esaslandyryjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi Döredilen senesi: 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwary Esas: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 2-nji belgili buýrugy «Diller dünýäsi» dil merkezi ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlaryna daşary ýurt dillerini we kompýuter sowatlylygyny öwretmek boýunça hyzmat edýär. Biziň merkezimizde iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, pars, hytaý, italýan, ýapon dillerini öwretmeklik göz öňüne tutulandyr. Häzirki wagtda merkezimizde iňlis, rus, nemes, arap, hytaý, ýapon dili we matematika, komýuter sowatlylygy toparlary işjeň hereket edýär. Dil merkezi özüniň ýaşlygyna garamazdan tejribeli mugallymlaryň gatnaşmagynda ýokary derejede sapaklary alyp barmak bilen özüni gowy tarapdan tanatdy. Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrebap okuw kitaplaryndan, multimedia we kompýuter enjamlaryndan peýdalanylyp interaktiw usulda sapak geçilýär. Dil merkezinde dil öwretmek işinde ýurdumyzyň we dünýäniň abraýly bilim we ylym merkezleri tarapyndan taýýarlanan dürli okuw gollanmalaryndan peýdalanylýar. Şeýle hem diňleýjileriň ýaş aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, toparlar belli bir ýaş aralygy boýunça döredilýär. «Diller dünýäsi» dil merkeziniň Mekdebe taýýarlyk bölüminde türkmen we rus dillerine ýöriteleşdirilen toparlar göz öňüne tutulandyr. Häzirki wagtda türkmen we rus dillerine ýöriteleşdirilen toparlar hereket edýär. Häzirki zaman tehnologiýalary we usulyýeti arkaly alnyp barylýan okuwlar çagalaryň kämil derejede ösüp bilim almagyna, gözýetimlerini giňeltmegine ýardam edýär. Çagalaryň ýörite el matorikasyny ösdürmek üçin plasinografiýa we applikasiýa usullary bilen sapaklar geçirilýär. Çagalaryň sapakda öwrenen zatlary dürli oýunlar we aýdymlar arkaly özleşdirilýär. Mundan başga-da çagalaryň sapakda öwrenen sözlerini ýatda galdyrmak maksady bilen öwrediji animasion filmler hem görkezilýär. Çagalary mekdebe taýýarlamak üçin matematika, sowat we ýazuw dersleri aýratyn orun tutýar. Bu bolsa “Diller dünýäsi” dil merkezinde mekdebe taýýarlanylýan çagalaryň bilim we terbiýe taýdan üstünlikli taýýarlanýandygyna güwä geçýär. Salgysy: Aşgabat şäheri, Parahat 3/2, Ýunus Emre köçesi. Telefonlary: +993 12 45 07 96, +993 62 53 38 83 hat@dillerdunyasi.edu.tm www.dillerdunyasi.edu.tm
AHAL WELAÝAT HÄKIMLIGINIŇ 4-NJI HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI
Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada MAGLUMAT 1. Buhgalterçilik işi- 1,5 ýyl 2. Kitaphana we arhiw işi- 1,5 ýyl 3. Himiki-bakteriologik derňewiň laboranty- 1 ýyl 4. Aragatnaşyk operatory- 1 ýyl Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli. Resmi iş kagyzlary Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: - bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; - bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); -umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; -bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; -soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; - 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar. Pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny); Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty; Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär. Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär. Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň Arkaç köçesiniň 7-nji jaýy. Tel: 993 (12) 32-17-65
AHAL WELAÝAT HÄKIMLIGINIŇ 6-NJY HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI
Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada MAGLUMAT 1. Buhgalterçilik işi- 1,5 ýyl 2. Kitaphana we arhiw işi- 1,5 ýyl 3. Himiki derňewiň laboranty - 1 ýyl 4. Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli. Resmi iş kagyzlary Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: - bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; - bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); - umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; - bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; - soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; - 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar. - pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny); - Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty; Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär. Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar. 1. Kompýuteriň operatory - 3 aý Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy: - bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty; - pasportynyň göçürmesi; - bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi; - 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat; Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär. Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşyldepe obasynyň Oguzhan köçesiniň 21-nji jaýy, Tel: 993 (137) 4-45-28
AHAL WELAÝATYNYŇ TEJEN ETRAP HÄKIMLIGINIŇ 2-NJI HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI
Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada MAGLUMAT 1. Buhgalterçilik işi- 1,5 ýyl 2. Gidromeliorator- 1,5 ýyl 3. Kitaphana we arhiw işi - 1,5 ýyl 4. Oba hojalyk önümçiliginiň traktorçy-maşinisti -1,5 ýyl 5. Aragatnaşyk operatory-1 ýyl 6. Torlaryň abatlaýyş işi boýunça elektromontýor- 1 ýyl 7. Himiki derňewiň laboranty - 1 ýyl Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli. Resmi iş kagyzlary Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: -bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; -bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); -umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; -bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; -soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; -3x4 möçberindäki alty sany fotosurat; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar. pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny); Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty; Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde (Tejen ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär. Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar. 1. Kompýuter tehnikasyny bejeriji we hyzmat ediji ussa - 6 aý 2. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji - 4 aý 3. Traktorçy („A“, „B“, „W “ derejeli) - 4 aý 4. Traktorçy (“G”, “Ýe”, ) derejeli - 4 aý 5. Kompýuter sowatlylygy -3 aý Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy: bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty; -pasportynyň göçürmesi; -bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi; -3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat; Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär. Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy:Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň Ahal köçesiniň 10-nji jaýy, Tel: 993 (135) 4-06-71
DARGANATA ETRAP HÄKIMLIGINIŇ 11-NJI HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI
Darganata etrap häkimliginiň 11-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada MAGLUMAT 1. Buhgalterçilik işi - 1.5ýyl 2. Kitaphana we arhiw işi - 1.5 ýyl 3. Elektromontýor -1 ýyl 4. Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator -1 ýyl 5. Aşpez kulinar ( milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen) - 1 ýyl 6. Aragatnaşyk operatory - 1 ýyl 7. Kebşirleýji (elektrokebşirleme we gazkebşirleme işleri) - 1 ýyl 8. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi – 1 ýyl Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli. Resmi iş kagyzlary Darganata etrap häkimliginiň 11-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: -bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; -bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); -umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; -bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; -soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; -3x4 möçberindäki alty sany fotosurat; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar. -pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny); -Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty; Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Darganata etrap häkimliginiň 11-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär. Darganata etrap häkimliginiň 11-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar. 1.Kompýuteriň operatory-3 aý Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy: -bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty; -pasportynyň göçürmesi; -bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi; -3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat; Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär. Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Darganata etrap häkimliginiň 11-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýatynyň Darganata şäheriniň Weteranlar köçesiniň 23-nji jaýy, Tel: 993 (445) 22131
Innowasiýa maglumat merkezi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Karary esasynda döredildi. Merkezimiz sanly ulgamlary özleşdirmek boýunça dünýäde öň¬deligi saklaýan Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alnyp döredilendir. Merkeziň işiniň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşyklylykda alyp barmakdan hem-de bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr. Şeýle hem «mugallym — okuwçy — ata-ene» gatnaşygyny sanly usulda utgaşdyrmaga ýardam bermek merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. "Kompýuter sowatlylygy”, “Işewürlik işi”, “Programmirleme dilleri”, “Kiberhowpsuzlyk”, “AR,VR tehnologiýalary”, “Robototehnika”, “Sanly ykdysadyýet”, “Elektron mekdep dolandyryş ulgamy”, “Tor tehnologiýalaryň esaslary”, “E-resminama dolanşygynyň esaslary” “Scratch dilinde programmirleme”, “Moodle platformasynyň esaslary”, şeýle-de Rus, Iňlis, Koreý, Arap dillerini öwredýän okuw kurslarymyz biziň merkezimiziň iň ýörgünli kurslarydyr. "Elektron mekdep dolandyryş ulgamy”- eMekdep – onlaýn ulgam bolup, onuň esasy maksady informasion we telekommunikasion tehnologiýalaryň ulanylşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim berijiligiň hilini gowulandyrmakdan ybaratdyr: Okuwy we dolandyryş prosessleri (yzygiderligi) ýeňilleşdirmek, şeýle hem bilim beriji edaralaryň netijeliligini ýokarlandyrmak; Mugallymlaryň we ene-atalaryň okuw-terbiýeçilik işlerini gowulandyrmak; we bilim almak elýeterliligini ýokarlandyrmak. Okuw mekdepleriň dolandyrylşynyň we okuw işleriniň sanlylaşdyrylmagy üçin bu ulgam aşakdaky ýaly işleriň geçirilmegine ýardam edýär: 1. Okuwçylaryň elektron gündeliklerini ýöretmäge; 2. Mugallymlaryň synp žurnallaryny ýöretmäge; 3. Okuwçylaryň gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary ene-atalara ýetirmäge; 4. Habarlaşmak üçin hyzmatlary hödürlemäge; 5. Mugallymlara we dolandyryş işgärlerine hasabatlary döretmäge; 6. Sapaklaryň meýilnamasyny görmek üçin mümkinçilik; 7. Mugallymlar üçin okuwçylara öý işlerini tabşyrmaga we onuň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmäge; Bilim berilşiniň hilini ýokarlandyrmak üçin ýetişigiň we gatnaşygyň görkezijilerini gowulandyrmagyň usullaryny kesgitlemek. E-resminama dolanşygyň esaslary – atly okuw kursymyz häzirki wagtda örän ýörgünli hasaplanylýan okuwlaryň biridir. Bu ulgam häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, önümçilik kärhanalarynda, başga pudaklaryň edara-kärhanalarynda gurnalýar. Bu ulgam ýurdumyzda resminamalaryň ýöredilişini bir standarda getirmek we kagyzyň tygşytly ulanylmagy ýaly maksatlary göz öňüne tutýar. Bu okuw kursuna ýazylan diňleýjilerimiz “E-resminama” dolanşyk ulgamyny doly öwrenip bilerler. Mundan başga hem, bu okuwlarda bu ugura degişli bolan daşary ýurt tejribelerini hem özleşdirip, olaryň durmuşa geçirilşiniň aýratynlyklaryny öwrenip bilerler. “Tor tehnologiýalaryň esaslary” — Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň günsäýyn kämilleşip, ösüşler wagtynda her bir adam diýen ýaly kompýuterlere we olaryň ulgamlarynyň gurluşlaryna degişli düşünjesi bolmalydyr. Esasan hem kompýuterleri öwrenýän başlangyç öwrenijilere bu kurslarda hemme zerur bolan zatlary mümkinçilik bardyr, öwrenen bilimlerini tejribede görmeklik hem göz öňüne tutulandyr. Öňden bäri işläp ýören hünärmenler üçin hem bu kursyň degerli ýeri bolar, ýagny egerde siz önümçilikleriň tor ulgamlary bilen işleşýän bolsaňyz bu ulgamadaky täzelikler, soňky innowasiýalar bilen tanşyp bilersiňiz. Tejribesi köp bolan ökde hünärmenler (DevOps-inženeri, inžener-aragatnaşykçy) bu kurslarda öz ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirip bilerler. Okuwlar nähili geçirilýärkä? 1) Tema özleşdirilýär (tejribe wideo sapaklar, leksiýalar) 2) Tejribe sapaklar (diňleýjileriň özleri kompýuterde tor düzmegi öwrenýärler) 3) Mugallym öý işleri tabşyrýar Netijede diňleýjilerimiz bu kursdan aşakdakylary gazanyp bilýärler: Täze tejribede ulanyp boljak bilimi; Bu ulgamdaky hünärmenleriň maslahatlaryny; Diňleýjileriň geljegine peýdaly bolup biljek bilimi; Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sertifikatlar. “Sanly ykdysadyýetiň esaslary” – sanly tehnologiýalara esaslanan ykdysady işleriň toplumyna aýdylyp, ol elektron biznes we elektron kommersiýa bilen baglanşyklydyr. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi boldy diýilse, ýalňyş bolmaz. Raýatlarymyz üçin hyzmatlaryň ähli görnüşleri diýen ýaly online görnüşde elýeterlidir: online marketler, hojalyk hyzmatlar üçin online tölegler, ýol petekleriň online satuwy we başga-da köp sanly hyzmatlar online görnüşde hödürlenilýär. Sanly ykdysadyýetiň nämedigine has çuňňur düşünmek mümkinçiligi biziň kurslarymyzda hödürlenilýär. Diňleýjiler sanly ykdysadyýetiň aýratyn syrlaryny öz bähbitleri üçin ulanyp bilerler. Özüniň bir wagtda uly göwrümli maglumatlary analizirläp bilýändigi sebäpli, sanly ykdysadyýet dürli görnüşli önümçilikleriň we kärhanalaryň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, ammarlaryň, söwdalaryň, hyzmatlaryň iş netijeliligini ýokarlandyryp biler. “Sanly ykdysadyýet” atly okuwlar biziň merkezimizde diňleýjileri üçin söwda we täjirçiligiň häzirki zaman tendensiýalaryny, aýratynlyklaryny öwrenip, öz durmuşlarynda ulanmaga aýratyn üstünlikli mümkinçilikdir. ARDUINO bilen robototehnikanyň esaslary – bu tejribe ähmiýetli ylym bolup, awtomatlaşdyrylan tehniki ulgamlary işläp düzýär we önümçiligi ösdürmegiň tehniki esasy bolup durýar. Ol elektronika, mehanika, kibernetika, telemehanika, mehatronika, informatika, radiotehnika we elektrotehnika ýaly derslere esaslanýar. Robototehnikanyň birnäçe görnüşleri tapawutlanýar: gurluşyk, önümçilik, hojalyk, mediki, awiasion we harby. Diňleýjilerimiz biziň kurslarymyzda robototehnikanyň bilim maksatly görnüşini öwrenip bilerler. Ýagny robotlara nädip komandalaryň (buýruklaryň) berilýändigini, “Scratch” programmirleme dilinde komandalary işläp düzmegi öwrenýärler. Uly ýaşdaky diňleýjiler üçin okuwyň bu görnüşi häzirki zaman tehnologiýalara, programmalara has anyk düşünmäge ýardam eder. Kiçi ýaşdaky diňleýjilerimiz üçin bolsa programmirleme dillerine düşünmäge ilkinji ädim bolup, roboto tehnologiýalara aýratyn gyzyklanma döreder. “AR, VR tehnologiýalary” — Augmented reality (AR) (Дополненная реальность) Goşulan reallyk – real dünýäniň interaktiw (özara täsir ediji) tejribesi bolup, onda real dünýädäki obýektlara duýujylyk maglumatlary güýçlendirilendir. Ýa-da başgaça aýdanymyzda Goşulan reallyk – bu ulanyjynyň daşky real-dünýasi bilen real-wagt giňişlik maglumatlary goşup bitewleşdirmek mümkinçilige aýdylýar. AR tehnologiýalary dürli göwrümlerde ulanylyp bilner: öý, edara, zawod şertleri üçin, şähere ýa-da tutuş dünýä üçin niýetlenen göwrümlerde. Virtual reality (VR) (Виртуальная реальность) Wirtual reallyk – doly hemmetaraplaýyn duýujylyk tejribeleri başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Munda ulanyjy “Oculus Rift” ýa-da “Google Cardboard” ýaly ýörite äýnekleri ýa-da kellä geýilýan toplumy ulanyp, kompýuteryň döreden giňişligine geçip gidýär. AR we VR tehnologiýalary häzirki wagta dünýäniň ösen ýurtlarynda dürli pudaklarda giňden ulanylmagy ösüp barýan derejededir. Ykdysadyýetde, senagatda esasan hem telewideniýe, film döredijiliginde uly gyzyklanma döredip, AR we VR tehnologiýalaryň bu ugurlardan geljegi uly hasaplanýar. AR we VR tehnologiýalary okuw kursunda diňleýjilerimize “Unity” atly programmada programmirlemäniň esaslary öwrediler, şeýle hem diňleýjilerimiz özleri AR app-y döretmegi öwrenerler. 3D modellere animasiýa bermek, 3600¬ wideolary işläp taýýarlamak we “Oculus quest 2” VR-enjamyna ýüklemegi öwrenerler. Kiberhowpsuzlygyň esaslary- Kompýuter howpsuzlygy ýa-da maglumat tehnologiýanyň howpsuzlygy — kompýuter ulgamlaryny we torlaryny gizlin maglumatlaryň syzmagyndan, enjamlarynyň, programma üpjünçiliginiň ýa-da elektron maglumatlarynyň ogurlanmagyndan ýa-da zaýalanmagyndan, üpjün edýän hyzmatlarynyň näsazlyklaryndan we bökdençliklerinden goramak bilen häsiýetlendirilýär. Kompýuter ulgamlaryna, interneta, şeýle hem Bluetooth we Wi-Fi ýaly radiotorlaryň standartlaryna baglylygyň yzygiderli ösmegi bilen, şeýle-de “smart” akylly enjamlaryň (smartfonlaryň, telewizorlaryň we “zatlaryň interneti”-ne degişli bolan dürli enjamlaryň) giňden ýaýramagy bilen bu uguruň wajyplygy dowamly ýagdaýda has hem artýar. Çylşyrymlylygy sebäpli, kiberhowpsuzlyk häzirki wagtda hem syýasy, hem tehnologiki nukdaýnazardan iň möhüm meseleleriň biridir. (https://en.wikipedia.org/wiki/Computer_security) Biziň Innowasiýa Maglumat Merkezimizde diňleýjilerimiz kiberhowpsuzlygy noldan başlap öwrenip bilerler, kiberhowpsuzlygyň esaslary barada düşünjesi bolanlar kiberhowpsuzlygyň soňky tapgyrlaryny okap bilerler: ýöriteleşdirilen we çuňlaşdyrylan görnüşleri. Merkezimiziň kiberhowpsuzlyk kurslarynda siz parollaryň nähilli düzülýändigini, haýsy kodlar goýulsa has ykjam goragy döredýändigini, şeýle hem guramalaryň, edaralaryň tor ulgamlaryny nähilli ýagdaýda goralmalydygyny, müşderileriňiziň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini üpjün edilşini öwrenip bilersiňiz. Öz bilim derejesini artdyrmak ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak isleýän ýurdumyzyň islendik raýaty Innowasiýa Maglumat Merkezimizde özüne laýyk geljek köp sanly okuw kurslaryna ýazylyp bilerler. Merkezimiziň okuwlary tejribeli mugallymlar bilen diýseň gyzgalaňly geçýär. Salgy: Aşgabat ş,.Bagtyýarlyk etraby. Magtymguly şaýoly, 136 jaý Habarlaşmam üçin: +99312 36 19 25; +99365 50 31 84; +99365 50 49 61; iicet@bilim.tm iicet@sanly
“Türkmengaz” döwlet konserniniň mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi
«TÜRKMENGAZ» DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak. 2. Nebit-gaz geçirijilerini we nebit-gaz ammarlaryny gurmak we ulanmak. 3. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek. 4. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak. 5. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary. 6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy. 7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 8. Maglumat ulgamlary. 9. Elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy. 10. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak. 11. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy. 12. Ölçeg barlag enjamlary we awtomatika. 13. Nebit gaz guýularyny düýpli abatlamak. 14.Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl we 2,5 ýyl. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly - 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; —okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-ыi, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary ş., Kemine köçesi, 33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10. Çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti
“TÜRKMENHIMIÝA” DÖWLET KONSERNINIŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI TEHNIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
«TÜRKMENHIMIÝA» DÖWLET KONSERNINIŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI TEHNIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1.Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi. 2.Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak. 3.Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 4.Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş. 5.Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy. 6.Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit. 7.Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy. 8.Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy. 9.Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak. 10.Senagat we raýat jaý gurluşygy. 11.Nebiti we gazy gaýtadan işlemek. Tehniki orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. Tehniki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary: Türkmenabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly - 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; —harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak; organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; nebiti we gazy gaýtadan işlemek — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamasy esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedik ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedik dalaşgärler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Amul ýaşaýyş jaý toplumy, Dostluk köçesi, 20, tel.: 7-17-25; 7-91-04. faks: 7-17-25.
«TÜRKMENNEBIT» DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
«TÜRKMENNEBIT» DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1.Nebit we gaz guýularyny burawlamak. 2.Nebit we gaz känlerini işläp geçmek. 3.Nebit we gaz guýularyny düýpli abatlamak. 4.Gidrogeologiýa we inženerlik geologiýasy. 5.Nebit we gaz känleriniň geologiýasy we agtarylmasy. 6.Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak. 7.Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary. 8.Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek. 9.Sanly maglumatlary işläp taýýarlamak. 10.Kärhananyň we senagat toplumlarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy. 11.Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 12.Buhgalterçilik hasaby alnyşy we audit. 13.Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi. 14.Binalaryň we desgalaryň gurluşygy hem-de ulanylyşy. 15.Kompýuter ulgamlary we toplumlary. 16.Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy. 17.Önümçilikde hili we hyzmaty dolandyrmak. 18.Logistikada operasion işi. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly - 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde (Balkanabat şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünär: himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 11, tel.: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26, 7-01-14. Çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti
AHAL WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
AHAL WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy. 2. Maliýe we karz. 3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 5. Salgytlar we salgyt salmak. 6. Statistika. 7. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Ahal welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly - 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; —okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-i, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheri, A.Annanyýazow köçesi, 89. tel: (800132) 4-70-60, 4-70-61, 4-70-62. Çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti
AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar (hünärler) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Býujet esasynda: 1. Sungaty öwreniş (hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti). 2. Sahna sungaty we edebi döredijilik (hünärler: bagşyçylyk sungaty; horeografiýa sungaty). 3. Saz sungaty (hünärler: türkmen milli saz gurallary (görnüşleri boýunça); halk saz gurallary (görnüşleri boýunça); kirişli saz gurallary (görnüşleri boýunça); üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (görnüşleri boýunça); fortepiano; saz mugallymçylygy; hor dirižýorlygy). II. Tölegli esasda. 1.Sahna sungaty we edebi döredijilik (hünär: aýdym aýtmak sungaty (wokal)); 1.Saz sungaty (hünär: saz mugallymçylygy). 2. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: nakgaşçylyk). Ýörite sungat mekdebine Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2025-nji ýylyň 14 – 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: —bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; —bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); —bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); —sazçylyk ýa-da çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; —soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; —3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; —işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuwa dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri (taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça) şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: —pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny; — 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri ugrunyň nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin). Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde (Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby) 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ugurlaryň degişli hünärleri boýunça aşakdaky derslerden geçirilýär: - hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; - hünärler: aýdym aýtmak sungaty (wokal); horeografiýa sungaty; bagşyçylyk sungaty; saz mugallymçylygy — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy; - hünär: nakgaşçylyk — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy; - beýleki hünärler – hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy. Giriş synaglary sungat mekdepleriniň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça orta mekdepleriň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Arkadag köçesi, 1, tel.: 33-52-41. Çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy
ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär.
MAGLUMATLAR TEHNOLOGIÝALARYNYŇ TÜRKMEN-HINDI MERKEZI
Merkez bilim bermek we maglumat tehnologiýalary çygrynda işi alyp barýan edaradyr, ol Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygy, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy – hukuk namalaryna laýyklykda öz işini alyp barýar.” Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi 2010-njy ýylyň 7-nji fewralynda Aşgabat şäherinde gol çekilen “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnamanyň” we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 26-njy awgustynda çykaran 11803-nji “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek hakynda” kararynyň esasynda döredilip, bilim boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady esasynda döredildi, onuň esaslandyryjysy we Türkmenistan tarapdan işini utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bolup durýar. Merkez hukuk-guramaçylyk görnüşi boýunça döwlet kärhanasy bolup, bilim bermek we maglumat-tehnologiýa hyzmatlary çygrynda işi amala aşyrýar hem-de hojalyk hasaplaşygy başlangyçlarynda hereket edýär. Merkeze diňleýjileri okuwa kabul etmegi we okatmagy 2011-2012-nji okuw ýylyndan başlap, tölegli esasda amala aşyrylýar. Merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky döwlet syýasatyny netijeli amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridiki hem fiziki taraplarynyň döwrebap kompýuter maglumat tehnologiýalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilýär. BIZIŇ WEZIPELERIMIZ: • Programma önümini döretmek, maglumat tehnologiýalaryny okuw prosesine ornaşdyrmak, elektron okuw kitaplaryny we kitaphanalaryny, maglumat ulgamlaryny we okuw prosesini dolandyrmagy awtomatlaşdyrmak ulgamyny döretmek.• Maglumat-tehnologiýa işi boýunça bilim bermek, halkara derejede hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny (kurslaryny) gurnamak;• Maglumat-tehnologiýa ugrunda maslahatlary bermek;• Hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuwlary (kurslary) gurnamak, şol sanda sanlylaşdyrma prosesleri we maglumat ulgamlary boýunça, maglumat-tehnologiýalary we programmirleme (kodlaşdyrma) babatynda dürli okuwlar gurnamak.• Bilim ulgamynda döwrebap we kämil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak onuň gözegçiligini (monitoringini) güýçlendirmek, okamagyň täzeçilligini, elýeterliligini we çeýeligini üpjün etmek, jemgyýetiň has agdaklyk edýän bölegine ýokary hilli bilim resurslaryna (serişdelerine) elýeterlilik mümkinçiligini kepillendirmek.• Diňleýjilere kompýuter sowatlygynyň esaslaryny, onlaýn işini gurnamagyň we alyp barmagyň esaslaryny, tekst maglumatlary işlemegiň we taýarlamagyň, tablisa görnüşinde uly göwrümli maglumat serişdelerini, binýatlaryny işlemegiň we taýýarlamagyň adaty görnüşinde maksatnamasyny taýýarlamagyň amaly okuwlaryny gurnamak. Salgy: N.Gullaýew,22(Magtymguly Uniwersitetiniň 2 nji gaty) Habarlaşmak üçin: +99312 94 60 14 94-60-19