30.10.2025
Kitapsöýüjileriň sany artýar
Kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biridir. Ol ynsanyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Kitap okamak adam häsiýetini terbiýeleýär, dünýägaraýşyny giňeldýär, zehinini ösdürýär. Ýurdumyzda kitapsöýüjileriň sanyny artdyrmakda hem dürli çärelerdir bäsleşikler, kitap ýarmarkalary yzygiderli geçirilýär. Şular ýaly täsirli bäsleşikleriň biri-de şu ýylyň 24-nji sentýabryndan 24-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris... Ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy» diýen manyly sözlerinden ylham alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda çeper eserleri okamak boýunça geçirilen kitap marafony ajaýyp wakalara beslendi. Golaýda institutyň baş binasynda bu ýokary okuw mekdebiniň Ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda marafonyň jemleri boýunça professor-mugallymlardyr talyp ýaşlar bilen geçirilen maslahatda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Gyzylgül AMANLYÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.